GDA ýurtlarynyň II oýunlary: Atajan Daýyýewden kümüş medal

GDA ýurtlarynyň II oýunlary: Atajan Daýyýewden kümüş medal

Türkmenistanly agyr atletikaçy Atajan Daýyýew Belarus Respublikasynda geçýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň kümüş medalyny gazandy. Türkmen türgeni 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş etdi. Şeýlelikde, ol iki görnüşiň jemi boýunça 351 kilogram (silterläp — 150, itekläp — 201 kg) agyrlygy götermegi başardy.

Şol agramda 380 kg (160+220) netije görkezen russiýaly Timur Naniýew birinji orny eýeledi. Belarus Respublikasyndan Daniil Maskewiç umumylykda 325 kg (140+185) agyrlygy galdyryp, bürünç medala mynasyp boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, agyr atletika boýunça Ýulduz Jumabaýewa (49 kg-e çenli), Ali Babamuradow (55 kg-e çenli) öz agramlarynda kümüş medala mynasyp bolupdylar. Sangiza Bahtyýarowa (87 kg-den ýokary agram) bolsa bürünç medal gazandy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTAN MELHEMLER MEKANY
SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BAÝRAMY
Çagalaryň owazy röwşen geljegiň sabasy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
“Turkmentravel 2026” halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Dutara örklenen ykbal