Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ýoga güni bellenildi

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň kenarynda her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününiň çäklerinde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.

Ertirine Tolkun kottejler toplumynyň çägindäki çägelikde köpsanly gatnaşyjylar, şol sanda ýaşlar, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary hem-de sagaldyş merkezlerinde dynç alýan raýatlar ýygnandylar. Ýokary derejeli tälimçiniň ýolbaşçylygynda gatnaşyjylar fiziki we ruhy sagdynlygy berkitmäge gönükdirilen adaty asanalary (maşklary) ýerine ýetirdiler.

Bu maşklar myşsalaryň gysylyşyny aýyrmaga, gan aýlanyşynyň gowulanmagyna, şeýle hem bogunlara we içki agzalara oňaýly täsir etmäge ýardam edýär.Asanalary statiki ýagdaýda saklamak hem-de pranaýama tejribesi bilen utgaşdyrmak ünsi jemlemegi ösdürýär, akyly ynjaldýar we duýguly deňagramlylygy dikeldýär.

Ussatlyk sapagynyň ahyrynda gatnaşyjylara miweler gowşuryldy.Tälimçileriň bellemegine görä, olar işjeň maşklardan soň iýmit siňdiriş ulgamyna artykmaç agram salmazdan, energetiki deňagramlylygy ýumşak dikeltmäge we glýukoza goruny doldurmaga ýardam edýär.

Aşgabatdaky Bagtyýarlyk sport toplumynda Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi açylaly bäri, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekilleri bilen bilelikde her ýyl ýoga boýunça köpçülikleýin çäreleri guraýar, şeýle hem Merkezinde ýerli mugallymlary çekmek bilen yzygiderli okuw sapaklaryny geçirip gelýär.

Hazar deňziniň kenarynda şular ýaly çäreleriň eýýäm yzygiderli üç ýyl bäri geçirilip, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine saldamly goşant goşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýene degişli makalalar

“Abadan haly” 5 ýaşady
Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda ilkinji bolup milli brendli elektronika önümleriniň önümçiligini ýola goýdy
Aýdyň gijeler Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik yglan edýär
Fransiýa Epidemiýada Üçünji Tolkuny Başdan Geçirýär
Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji
Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýetine russiýaly wekilleriň gyzyklanmasy artýar