Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda ilkinji bolup milli brendli elektronika önümleriniň önümçiligini ýola goýdy

Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda ilkinji bolup milli brendli elektronika önümleriniň önümçiligini ýola goýdy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik Ministrligi bilen bilelikdäki döredilen Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, elektron enjamlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy. Hojalyk jemgyýeti geçen, 2020-nji ýyly ýokary netijeler bilen tamamlap, ýurduň senagat taýdan ösüşiniň ýokarlanmagyna öz goşandyny goşdy.

2016-njy ýylda döredilen hojalyk jemgyýeti 2017-njy ýyldan başlap dürli görnüşli energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa, 3-den 96 watta çenli ýagtylyk derejesi bolan LED lampalaryň we asylýan LED potolok çyralarynyň, ýokary watly awtomobil ýollaryny aýdyňlatma alýumin prožektorlarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Öwrediji kompýuterleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2017 2019-njy ýyllarda Bilim ministrligi bu kompýuterler bilen 1-nji synp okuwçylaryny üpjün etdiler.

2019-njy ýylda “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalaryň kärhanalarynda telewizorlary, planşetlary, smart telefonlary ýasamagyň usullaryny öwrenmek üçin önümçilik okuwlarynda boldular. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň goldamagynda 2020-nji ýylda Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti tarapyndan elektron önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Dürli ölçegde, ýagny 55, 42, 32 Zemin we Tolkun brendli smart telewizorlarynyň 10000 müňden gowragy öndürildi.Häzirki wagtda Älem brendli 165 dýuýmly, Körpe brendli öýjükli telefon, Milli brendli smartfonlar, Uçgun brendli routerler, Şowly brendli monobloklar, öý hojalyk enjamlary suw dispanseri we Mylaýym brendli split kondisionerleriniň önümçilikleri alnyp barylýar.

2016 2020-nji ýylda “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti dünýä kompaniýalary bilen öz önümlerimizi eksport-import etmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýdy.

Mundan başga-da “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti öz düzüminde Aşgabat şäherinde şahamça açyp, onuň düzüminde elektrotehnikanyň Tehnologiýa merkezini döretdi. Bu merkeziň esasy maksady ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hereket edýän edara-kärhanalara IT tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bu merkezde şu hyzmatlar ýerine ýetirilýär:

Häzirki wagtda “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň IT tehnologiýalar merkezinde Müftiniň web sahypasy, ýol gözegçilik gullugynyň onlaýn dolanyşyk portaly, onlaýn resminama dolanyşygy, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň bitewi portaly şeýle-de, internet dükanlar, web sahypalar, Android goşundy priloženiýalar we ş.m. taslamalar işlenip düzülýär.

Ýene degişli makalalar

Aýdyň Gijeler türkmen kärhanasy telewizorlarynyň ýyllyk önümçilik sanyny 100 müňe ýetirdi
Köpöwüşginli feýerwerk Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabaralarynyň jemini jemledi
Türkmen kärhanasy täze görnüşli LED lampalary öndürip başlady
Serdar Berdimuhamedow TSTB-2022 sergisine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy
Kim, haçan oýlap tapdy?