Türkmen kärhanasy täze görnüşli LED lampalary öndürip başlady

Türkmen kärhanasy täze görnüşli LED lampalary öndürip başlady

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Abat şekil hojalyk jemgyýet geçen aýdan bäri LED filament lampalarynyň täze A-60, E-27 görnüşini öndürilip başlady. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda işe girizilen kärhanada filament lampalaryň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

Hytaýyň tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhananyň her aýda 300-400 müň lampa öndürmäge mümkinçiligi bar. Önümçilikde esasy çig mal hökmünde ýagtylyk diodlary bolan filament sapaklary ulanylýar. GÖRK filament lampalary elektrik energiýasyny adaty lampalardan 10 esse az sarp edýär, ýagtylygy 360 gradus ýaýradýar.

Häzirki wagtda bu ýerde ýigrimiden gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär.

Ýadyňyzda bolsa, mundan öz biz okyjylarymyza Türkmenistanda GÖRK haryt nyşanly filament lampalarynyň önümçiliginiň ýola goýulandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Köpöwüşginli feýerwerk Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabaralarynyň jemini jemledi
Serdar Berdimuhamedow TSTB-2022 sergisine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy
Kim, haçan oýlap tapdy?
Ýerewanyň ýaşaýjylary ir sagat 7-de diňsagat zaňyna oýanarlar