Kim, haçan oýlap tapdy?

Elektron sagat. El telefonlarynyň çykmagy bilen goşar sagady azalan hem bolsa, dakynýanlar häzirem az däl.Goşar sagatlarynyň uludan kiçä hemmeler üçin niýetlenen birnäçe görnüşi bar. Şeýle-de, bu sagatlaryň sagady, minuty we sekundy dil bilen görkezýän adaty görnüşleriniň bolşy ýaly, san bilen görkezýänleri hem bar.

Mundan başga-da, goşar sagatlarynyň käbir görnüşi diňe sagady däl, eýsem, hepdäniň gününi, senäni we ýyly hem görkezýär.Eýsem, wagty sanlar bilen görkezýän elektron sagatlar haçan peýda bolduka?!

Geçen asyryň ikinji ýarymynda kompýuterler peýda bolup başlaýar.Ilkibaşda laboratoriýalar, senagat kärhanalary ýa-da ylym-bilim merkezleri üçin niýetlenen kompýuterler öndürilen hem bolsa, soňlugy bilen iş ýerlerinde we öýde ulanmak üçin niýetlenen kompýuterler öndürilýär.

Bu bolsa elektron senagatynyň ösmegine görnetin goşant goşdy. 1970-nji ýylda Hamilton atly kompaniýa Pulsar atly wagty san bilen görkezýän ilkinji goşar sagadyny öndürýär.Daşyna altyn çaýylan gyzyl reňkli LED panelli bu sagatda wagty görmek üçin düwmejige basmaly bolupdyr.

Enjam bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, ýokary islegden peýdalanýar.Bu sagat satuwa çykan wagty köp adam adaty mehaniki sagatlaryň möwritiniň tamamlanandygyny pikir edipdir.Emma birnäçe ýyl geçen hem bolsa, häzirki wagtda-da dilli sagatlar giňden ulanylýar.

Aslynda, kompaniýa 1968-nji ýylda Stenli Kubrigiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen 2001: A Space Odyssey atly filmiň baş gahrymany üçin hem elektron sagady işläp taýýarlaýar.Bu filmiň meşhurlyk gazanmagy bilen şeýle sagadyň köpçülikleýin öndürilmegine badalga berilýär.

Wagty san bilen görkezýän ikinji sagady bolsa, Texas Instruments atly kompaniýa satuwa çykarýar. 1975-nji ýylda satuwa çykarylan plastik bagjykly bu sagat örän arzan bahadan satylýar. Netijede, elektron sagatlar hemmeler üçin elýeterli bolýar.

Ýokarda bellenilişi ýaly, ilkinji sagadyň ekrany öçük durýan eken, ony diňe wagty görjek wagtyň düwmä basyp açmalydy.Munuň sebäbi LED çyraly ekranlaryň köp energiýa talap edýändigi bilen baglydyr.

Soňky ýyllarda bolsa, energiýany tygşytlaýan tehnologiýanyň ösmegi bilen, hemişe açyk durýan ekranly sagatlar peýda bolýar. 1980-nji ýyllarda bolsa, düwmesine basaňda wagty ses bilen eşitdirýän, termometrli, hasaplaýyş maşynly we beýleki aýratynlyklary bolan sagatlar öndürilýär.

Hatda telewizor hökmünde ulanyp bolýan sagatlar hem çykýar.

Ýene degişli makalalar

04.12.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy
19.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: senagat
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: senagat
Sergi merkezinde Serdar şäheriniň nakgaşlarynyň işleri görkezildi