Aýdyň gijeler Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik yglan edýär

Aýdyň gijeler Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik yglan edýär

Aýdyň gijeler kompaniýasy 6-15-nji mart aralygynda 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşigi yglan etdi. Bäsleşigiň ýeňijileri üçin Aýdyň gijeler HJ-niň öndürýän iki sany smart full HD android telewizoryny sowgat almak mümkinçiligi bolar!

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, Türkmenportal web sahypasynda we beýleki sosial ulgamlarynda ýerleşdirilen şu habaryň şeýle-de wideonyň aşagynda Aýdyň gijeler kompaniýasy we önümleri barada teswir goýmaly.

Iň oňat, iň gyzykly we täsirli teswirleriň awtorlary Aýdyň gijeler tarapyndan öndürilen telewizoryň eýesi bolarlar. Ýeňijiler kompaniýanyň özi tarapyndan saýlanylar. Şeýle-de bäsleşigiň ýeňijilerine Aýdyň gijeler HJ-niň önümçilik ojaklary, telewizorlaryň önümçiligi we ýaňy-ýakynda açylan Aýdyň gijeler — tehnologiýalar merkezi bilen tanyşdyryş we iki sany ýeňijä Tolkun brendli telewizor baýragyny gowşurylyş dabarasy guralar.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we Gurluşyk önümçilik Ministrligi bilen bilelikdäki Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti döredildi. Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup elektron enjamlarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy.

Häzirki döwrüň talaplaryny ussatlyk bilen özleşdirýän hünärmenler döwrebap enjamlara erk edip, 3-den 96-watt çenli ýagtylyk derejesi bolan, degişli talaplara doly laýyk gelýän LED lampalaryň we asylýan LED potolok çyralarynyň, ýokary watly awtomobil ýollaryny aýdyňlatma alýumin prožektorlarynyň her günde müňlerçesini taýýarlaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň hut öziniň goldamagy bilen Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti ýyllyk kuwwatlygy 100 müň sany, dürli ölçegde 32-42-55 Tolkun we Zemin brendli Smart telewizorlarynyň, şeýle-de Älem brendli 65 dýuýmly 4K telewizoryň önümçiligini ýola goýdy. Ýakyn wagtda, Milli brendli smartfonlar, Uçgun brendli routerler, Körpe brendli öýjükli telefon, öý hojalyk enjamlary-suw dispanseri we Mylaýym brendli split kondisionerleriniň, Şowly brendli monobloklaryň önümçilikleri ýola goýulyp, gurluşyk işleri dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Aýdyň Gijeler türkmen kärhanasy telewizorlarynyň ýyllyk önümçilik sanyny 100 müňe ýetirdi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl
“Abadan haly” 5 ýaşady
Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda ilkinji bolup milli brendli elektronika önümleriniň önümçiligini ýola goýdy
Fransiýa Epidemiýada Üçünji Tolkuny Başdan Geçirýär
Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji