Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi

Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi

Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi. Geliň ilki nobaty bilen şol wakalara ser salalyň.

2023-nji ýylyň aprel aýynyň 5-6-sy aralygynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Täjigistana döwlet saparyny gurady.Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahman Prezidenti Aliýewi resmi dabara bilen garşylady.Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda 14 şertnama baglaşyldy.

Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwde ilçihana açandygy sebäpli Eýranyň Azerbaýjana hemle atýan günlerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewiň Täjigistana döwlet saparyny guramagy ünsleri özüne çekdi.Eýranyň Azerbaýjan hakynda beren hemleli beýannamalaryndan soň resmi Baku eýranly 4 diplomady islenmeýän adam hökmünde yglan etdi.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwil, 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 7-de Azerbaýjana iş saparyny gurady. Gruziýanyň Premýer-ministri iş saparynyň çäginde paýtagt Bakuda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň liderler metbugata beýannama berdi. Birlikde Günbatara tebigy gaz eksport edýän Azerbaýjan bilen Gruziýa, Gara deňiziň aşagyndan elektrik togynyň eksport edilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşýar.

Şol gün TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nuň Milli komissiýalarynyň 9-njy maslaahty Bakuda geçirildi. Türki dünýäniň konkret we konkret däl medeni mirasynyň aktual ugurlaryna garalan maslahatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO-daky döwürleýin ýolbaşçylygy Türkiýeden Azerbaýjana geçdi.

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Tatarstanyň döwlet Ýolbaşçysy Rustam Minnihanow Türkmenistana bir günlük sapar gurady. Minnihanow saparynyň çäginde Prezident Serdar Berdimuhamedow, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda özara gatnaşyklaryň ýeten sepgidi we täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşyldy. Minnihanow maý aýynda geçiriljek Russiýa-Yslam Dünýäsi: Kazan Forumyna Türkmenistanyň Prezidentini çagyrdy.

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkiýäniň Birleşmeler we Biržalar Bileleşiginiň Başlygy Rifat Hisarjyklyogly Türkmenistana sapar etdi. Hisarjyklyogly Aşgabatda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşyklarda iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirme potensialy hakynda durlup geçildi.

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türki söwda we senagat birleşmesinin 1-nji mejlisi Stambulda geçirildi.Mejlise Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Türkiýäniň bileşmeler we biržalar birleşiginiň Başlygy Rifat Hisarjyklyogly, Türki maýa goýum gaznasynyň Başlygy, Söwda we senagat bileleşileriniň başlyklary bilen Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryndan wekiliýetler bilen synçylar gatnaşdylar.

Mejlisde Türki söwda we senagat birleşmesiniň iş habarnamasy gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.Agza döwletlerden we synçy ýurtlardan gelen wekiliýetler Hisarjyklyogluny Türki söwda we senagat birleşmesiniň başlyklygyna, Adem Kulany bolsa Türki söwda we senagat birleşmesiniň Baş sekretarlygyna saýlandy.

Mejlisden soň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Türk Söwda we Senagat Bileleşigi synçy hökmünde kabul edildi.Nobatdaky mejlisiň Gazagystana geçirilmegi hakynda karara gelindi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy martda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” Änewde geçiriljek çärelere badalga berler
Türkmenistanda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler