Geçen ýyl daşary ýurtlylar Türkiýäniň 70 welaýatyndan ýaşaýyş jaý satyn aldylar

Geçen ýyl daşary ýurtlylar Türkiýäniň 70 welaýatyndan ýaşaýyş jaý satyn aldylar

Daşary ýurtlylara Gozgalmaýan emlak satuw kärhanasy NEWITA tarapyndan geçirilen barlaglara görä, geçen ýyl daşary ýurtlylar Türkiýede jemi 59 müň 282 ýaşaýyş jaý satyn aldy.

2021-nji ýylda daşary ýurtlylar Türkiýede jemi 70 aýry welaýatdan ýaşaýyş jaý satyn aldylar.

Geçen ýyl daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaý sanawynyň başyny Stambul welaýaty çekdi. Stambulda daşary ýurtlylara 26 müň 667 ýaşaýyş jaý satyldy. Stambuldan soň Antalýa welaýatynda daşary ýurtlylara 12 müň 598 ýaşaýyş jaý satyldy, Ankarada bolsa 3 müň 705 ýaşaýyş jaý satyldy.

Mersinde 2 müň 549, Ýalowada 1 müň 893, Bursada 1 müň 700, Izmirde 1 müň 422, Sakarýada 1 müň 269, Samsunda 1 müň 165, Trabzonda bolsa 985 ýaşaýyş jaý satyldy.

Daşary ýurtlylaryň iň köp isleg bildiren welaýatlaryň hatarynda Mugla 11-nji orunda, Kojaeli 12-nji orunda, Aýdyn 13-nji, Tekirdag 14-nji, Eskişehir 15-nji, Konýa 16-njy, Denizli 17-nji, Düzje 18-nji, Gaziantep 19-njy, Bolu welaýaty bolsa 20-nji orunda boldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany 531-e Ýetdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gara deňizdäki tebigy gazdan garaşylýan tamalar artdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny