Genetikler 6 ýylda momonty dikeltmegi meýilleşdirýärler

Genetikler 6 ýylda momonty dikeltmegi meýilleşdirýärler

Garward lukmançylyk mekdebiniň genetika boýunça professory Jorj Çerçiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary mamonty janlandyrmagy meýilleşdirýärler. Tejribehana gurşawynda ýitip barýan görnüşleri döretmek taslamasyna 15 million dollar maýa goýuldy.

Hünärmenler Aziýada ýaşaýan pilleriň DNK-syndan alyp, mamontyň düwünçejigini döretmegi meýilleşdirýärler. Bu usul bilen alnan düwünçekler emeli enede ýa-da emeli ýatgyda öser. Netijede, alymlaryň meýilnamasyna görä, mamontyň endikleri bolan aýaza çydamly pil doglar.

Mamontyň gaýtadan galkynyş taslamasyny tamamlanmak üçin alty ýyl gerek bolar. Alymlaryň pikiriçe, haýwanlaryň ýitip barýan görnüşleriň goralmagy Ýeriň ekoulgamyna peýdaly täsir eder we howanyň üýtgemegine garşy göreşde kömek eder diýip, hightech.fm neşiri habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Ýapon biologlary iýip bolýan holera sanjymyny döretdiler
Fukusimada haýwanlaryň täze görnüşi ýüze çykaryldy
Suratkeşiň nesil daragty dikeldildi
Ölmeýän çöl ösümliginiň syry açyldy
Üzümiň öýken düwnügine garşy göreşde peýdalydygy anyklanyldy
Britan alymlary rak keselini ir ýüze çykarmak boýunça barlag geçirip başlady