Britan alymlary rak keselini ir ýüze çykarmak boýunça barlag geçirip başlady

Britan alymlary rak keselini ir ýüze çykarmak boýunça barlag geçirip başlady

Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugy rak keseliniň 50-den gowrak görnüşini ir anyklamak üçin Grail kompaniýasynyň täze gan seljeriş ulgamyny synagdan geçirmäge başlady. Bu barada Reuters agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Synaga 140 müň töweregi meýletinçi gatnaşar. Grail kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Galleri atly barlag rak keseliniň irki tapgyrlarynda DNK üýtgemelerini anyklamaga mümkinçilik berýär. Bu adamda alamatlar ýüze çykmazdan ozal täze döremeleri anyklamaga we bejerginiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Bu synag üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda, Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugy ony dowam etdirmegi hem-de 2024-nji we 2025-nji ýyllara çenli synag üçin ýene 1 mln töweregi adamy çekmegi meýilleşdirýär. Ilkinji netijeleriň 2023-nji ýyla çenli alynmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýapon biologlary iýip bolýan holera sanjymyny döretdiler
Fukusimada haýwanlaryň täze görnüşi ýüze çykaryldy
Suratkeşiň nesil daragty dikeldildi
Ölmeýän çöl ösümliginiň syry açyldy
Üzümiň öýken düwnügine garşy göreşde peýdalydygy anyklanyldy
Genetikler 6 ýylda momonty dikeltmegi meýilleşdirýärler