“Science” žurnaly 2021-nji ýylyň iň möhüm ylmy açyşlaryny sanap geçdi

“Science” žurnaly 2021-nji ýylyň iň möhüm ylmy açyşlaryny sanap geçdi

“Science” žurnaly 2021-nji ýylyň iň möhüm ylmy açyşlarynyň sanawyny hödürledi. Sanawa ylmy ugurda on sany esasy üstünlik girdi. Bu barada iz.ru habar berýär.

Şeýlelikde, COVID-19-a garşy sanjymlar ýylyň “öňegidişligi” diýlip ykrar edildi. Şeýle-de, alymlara işlenip düzülen algoritmler arkaly protein gurluşlaryny çaklamakda ösüş gazanmak başartdy. Hünärmenler täze mehanizmleriň kömegi bilen wirusyň “omikron” ştammynyň tiken belogyndaky üýtgeşmeleri modelirlemegi göz öňünde tutýarlar.

Mundan başga-da, ylmy işler lukmanlaryň şikesden soňky stress bozulmalaryny bejermek mümkinçiliklerini artdyrdy. Ýene bir ähmiýetli açyş arheologik agtaryşlaryny öwrenmäge degişlidir.Hünärmenler gowak topragyndan we ýaşy 1 million ýyldan gowrak bolan gazylyp tapylan galyndylardan ýadro DNK-syny almagy öwrendiler. Şeýlelik bilen, alymlar ýitip giden biologik görnüşler baradaky maglumatlary has jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik gazandylar.

Ylmy pudakda termoýadro sintezi ugrundaky ösüş hem möhüm wakadyr. Ýagny, ilkinji gezek termoýadro reaktory onuň işine sarp edileninden has köp energiýa öndürdi.Reýtinge CRISPR-terapiýasyny ulanyp, nesilden-nesle geçýän keselleri bejermek üçin alymlar tarapyndan işlenip düzülen usul hem goşuldy.

Bu tehnologiýa adam organizmindäki genleri redaktirlemäge mümkinçilik berýär.Mundan başga-da, 2021-nji ýylda Marsyň gurluşy baradaky bilimleri ep-esli artdyrmak başartdy.

Ýene degişli makalalar

Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar
Ummanlaryň ýylylygy ýokarlanýar
Reňkini üýtgedýän robot oýlanyp tapyldy
Dünýä ummanyndaky plastik çökündi üç esse artdy