Ummanlaryň ýylylygy ýokarlanýar

Klimatologlaryň halkara topary 2022-nji ýylda dünýä ummanynyň ýokarky gatlaklarynda saklanýan ýylylygyň mukdary 255 zettajoul derejesine ýetip, 2020-nji ýyldakydan 10,9 zettajoul köpdür diýen netijä geldiler. Bu iş “Advances in Academic Science” žurnalynda çap edildi. Bu barada Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň metbugat gullugy habar berdi.

Klimatologlaryň pikirine görä, häzirki wagtda dünýä ummany, howanyň üýtgemeginiň esasy tebigy goraýjysy bolup galýar. Senagatdan öňki döwürden bäri onuň suwlary ýylylygyň 90%-ini we senagat kärhanalary, awtoulaglar we beýleki hapalaýjy tarapyndan howa goýberilen kömürturşy gazynyň üçden bir bölegini özüne siňdirdi. Bu amal diňe bir howanyň üýtgemegini haýallatman, eýsem deňizleriň ekoulgamlarynda düýpli üýtgeşmelere hem sebäp bolup biler.

Barlag geçirijiler geçen asyryň ortalaryndan 2022-nji ýyla çenli dünýä ummanynyň ýokarky böleginde ýylylyk energiýasynyň toplanmagyny öwrendiler. Munuň üçin olar 3000 ýerüsti we suwasty buýklar tarapyndan ýygnalan klimat modellerini we maglumatlaryny, şeýle hem “Argo” okeanografik maksatnamasynyň çäginde awtonom gözegçilik stansiýalaryny ulandylar.

Ýene degişli makalalar

Bagtly bolmagyň ýönekeý usuly salgy berildi
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar
Reňkini üýtgedýän robot oýlanyp tapyldy