Reňkini üýtgedýän robot oýlanyp tapyldy

Tebigatda duş gelýän janly-jandarlaryň käbiri reňkini haýsydyr bir howp abananda, gysga wagtda üýtgedip bilýär.Käbir jandarlaryň reňki bolsa, ýaşaýan ýeriniň tebigy gurşawyna we ýylyň paslyna görä üýtgeýär.

Hytaýly hünärmenler bolsa, reňkini üýtgedýän materialy işläp taýýarladylar.Bu material osminoglara meňzeş bolup, onuň önümçiliginde nanotehnologýadan peýdalanylypdyr. “Science Robotics” žurnalynda çap edilen makalada Şanhaýyň Jiao Ton uniwersitetiniň hünärmenleriniň laboratoriýa şertlerinde şeýle materialy ýasandyklary bellenilýär.

Geçirilen synaglarda nanoölçegli enjam arkaly materialyň reňkini üýtgedip bilýändigi bellenilýär.

Makalada enjamyň pH üýtgemelerine jogap hökmünde reňkini özbaşdak üýtgedip, soňra başgaça reňkli bolup biljekdigi aýdylýar. Bu synaglaryň geljekde robot tehnologiýasynda ulanylmagyna garaşylýar.

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyby.

Ýene degişli makalalar

Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Tebigatyň täze kanuny öňe sürüldi
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar