Genri Kissinjer: ABŞ Russiýa we Hytaý bilen söweşiň bosagasynda

Genri Kissinjer: ABŞ Russiýa we Hytaý bilen söweşiň bosagasynda

ABŞ-nyň daşary syýasatynyň baş strategiýasy bu ýurduň Russiýa we Hytaý bilen söweşiň bosagasynda durýandygyny duýdurdy.

Tejribeli diplomat we tanymal Amerikan strategi Genri Kissinjer "Wall Street Journal" gazetine beren interwýusynda: Nädip gutarjagyny ýa-da netijelerini bilmeýän meselelerimizdäki düşünişmezlikler sebäpli; Biz Russiýa we Hytaý bilen söweşiň bosagasynda durandyrys diýip aýtdy.

Kissinjer şeýle-de agzalalyk döredip dolandyrmak syýasatynyň köne bolandygyny aýtmak bilen indi edip boljak ýeke-täk zat, dartgynlygy çaltlaşdyrmakdan saklanmak we çözgüt ýollary döretmekdir diýdi.

Bu Amerikaly diplomat, Pekin bilen Waşingtonyň Taýwan meselesindäki dartgynlygyň güýçlenmegine alada bildirdi.

Amerikanyň baş strateginiň ynamyna görä; NATO, bu bileleşige goşulyp biljekdigi baradaky habary Ukraina ibermek bilen ýalňyşlyk goýberdi.

Birnäçe aý ozal Kissinjer NATO we ABŞ syýasatlarynyň Ukrainadaky häzirki krizise sebäp bolandygyny aýdany soň Amerikada we Günbatar ýurtlarynda tankyt edildi.

Ýene degişli makalalar

1 trillion dollarlyk bina
Hytaý önümçiligi awtomatlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär
Global haryt dolanyşygy iýul aýynda birden pese gaçdy
Google Hytaýda Google Translate hyzmatynyň işini bes etdi
Ilon Mask Ýanan saçlar atly parfýum çykardy we eýýäm 2 mln dollarlyk sargyt aldy
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy