German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialogyň ýokary derejesini görkezýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler.

Taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde güýçli itergi berendigini aýratyn nygtadylar.

Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Astanada Merkezi Aziýa-Germaniýa dialogynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şolts bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň, şeýle-de german işewür toparlarynyň wekilleri bilen bolan gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.

Yzygiderli geçirilýän özara Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik forumlarynyň we ykdysady sergileriň möhümdigi bellenilip, alyp barýan işi döwletara hyzmatdaşlygyň amaly ugurlaryny giňeltmäge ýardam berýän Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň tutýan aýratyn orny nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty ata Watanymyzyň...
Çempion çempionlygyny goramagy başardy
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Aşgabatda ÝB-niň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi açyldy
TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MEDENIÝET HEPDELIGI AÇYLDY