German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

25-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada aýtmak bilen, R.Meredow “ýaşyl” tehnologiýalar, önümçilik pudagynda, energetika, oba we suw hojalygy, şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Çempion çempionlygyny goramagy başardy
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Aşgabatda ÝB-niň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi açyldy
TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MEDENIÝET HEPDELIGI AÇYLDY
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler, Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistana 5 sany ýük teplowozyny iberdi, noýabrda boljak howa barada
Aşgabatda Awstriýa-Türkmenistan Ykdysady Komissiýasynyň mejlisi geçiriler