Germaniýa, Ukraina “Patriot” Howa Goranyş Ulgamyny Berdi

Germaniýa, Ukraina “Patriot” Howa Goranyş Ulgamyny Berdi

Germaniýa, Ukraina “Patriot” howa goranyş ulgamyny we raketalaryny berdi.

Germaniýanyň Federal Kanslerliginden berlen beýannama görä, täze harby kömek bukjasynyň çäginde, “Patriot” howa goranyş ulgamy bilen enjamlary Ukraina gowşuryldy.

Germaniýa mundan başgada 16 sany Zetros ýük ulagy bilen gümrük geçelgeleri üçin ýene-de 2 ulagy Ukraina gowşurdy.

Nemes hökümetiniň 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2023-nji ýylyň 17-nji apreline çenli Ukraina 2,7 milliard ýewrolyk ýarag we harby enjam kömegini bermegi hakyndaky kararynyň tassyklanandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Germaniýa Ukraina Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer
Slowakiýa Patriot Howa Goranyş Ulgamy Ornaşdyrylar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ, Polşa 2 Sany Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer
Taýwan, ABŞ-dan Raketa Goranyş Ulgamlaryny Alar