Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Türkiýe ähli taraplar bilen gepleşikler geçirip bilýär" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiýäniň sebitinden daşary hem ynamyň, asudalygyň, umydyň simwoly ýagdaýyna öwrülendigini aýdandygyny habar berýär. Erdogan: "Ynsanperwer we syýasy gatnaşyklary bozmadan ähli taraplar bilen gepleşikler geçirip bilýän ýurtlaryň biridiris" diýip belledi.

Hürriýet gazedi: "Erdogan: "Diplomatiýada merkezi ýurt Türkiýe" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Russiýa-Ukraina arasyndaky ylalaşygyň ýola goýulmagy üçin giň gerimli diplomatiýa alyp barýandyklaryny we başlangyçlaryny dowam etdirjekdiklerini aýdandygyny mälim edýär. Erdogan Türkiýäniň diplomatiýa babatynda merkezi ýurtlaryň biri bolmagy dowam etdirýändigini aýan etdi.

Star gazedi: "Sigmar Gabrielden Günbatara Patriot bilen bagly reaksiýa" söz başyly habarynda, Germaniýanyň ozalky Daşary işler ministri Sigmar Gabrieliň, Türkiýe Patriot howa goranyş ulgamlarynyň berilmezligi babatynda öz-özüni analiz edip, hereketlerini tankyt edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Germaniýa bilen 5 aýry ugur boýunça hyzmatdaşlyk" söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Germaniýanyň arasynda söwda mukdarynyň 50 milliard dollara ýetirilmegi üçin işe girişilendigini beýan edýär. Şoňa laýyklykda gaýtadan dikeldilýän energiýa, klimat çalşygyna garşy göreş, ýaşyl transformasiýa, emeli intellekt we sanly ulgam ýaly 5 aýry ugur boýunça ikitaraplaýyn häsýetde ädimler ediler.

Watan gazedi: "Ermenistan Türkiýe bilen serhetlerini açmak isleýär" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň geçen hepde Antalýa Diplomatiýa forumynyň çäginde Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen duşuşyk geçirendigini we geçirilen gepleşikleriň kostruktiw bolandygyny aýdandygyny habar berýär. Ermenistanyň Daşary işler ministrligi resmi Ýeriwanyň Türkiýe bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga we serhetleri açmaga taýardygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye-Yrak Liniýasynda Energiýa Diplomatiýasy
Çawuşogly Resmi Stokgolmdan Anyk Başlangyçlara Garaşýandyklaryny Aýtdy
FlyDubai Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar
Türkiýäniň 2022-nji ýylda Ýewraziýa ýurtlary bilen eden gatnaşyklary hakynda maglumat bermek isleýär
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri türkmen talyplarynyň öňünde çykyş etdi
Iňlis diliniň global derejedäki ähmiýeti
Fahrettin Altun: "Türkiye global aktýordyr"