Germaniýada Rim Papasyndan Miras Galan Haç Ogurlandy

Germaniýada Rim Papasyndan Miras Galan Haç Ogurlandy

Germaniýada geçen ýyl aradan çykan Rim Papasy Benedikt XVI-dan miras galan haç ogurlandy.

Mýunhen şäheriniň golaýynda ýerleşýän Traunşteýn etrabynyň Oswald etrapçasynda buthana giren ogrular, Rim Papasyndan miras galan haçy ogurlady.

Ogurlanan haç geçen ýyl aradan çykan Rim Papasy Benedikt XVI-nyň haçy.

Benedikt XVI papalyk wezipesine başladan soň ulanan haçyny buthana miras goýupdy.

Ogrularyň buthanadan haç bilen birlikde pul hem ogurlandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Watikana Benedikt XVI bilen hoşlaşmak üçin müňlerçe katolik ýygnandy
Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI saglygy ýaramazlaşdy
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Pim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Hakan Fidan 60-njy Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär