Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi

Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi

Rim Papasy Fransisk wezipesinden gitmek barada pikir etmeýändigini, Papalygyň ömürlik gullukdygyny aýtdy diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Papa bu barada Kongo Demokratik Respublikasyna we Günorta Sudana saparlary wagtynda aýtdy diýip, La Civiltà Cattolica gazeti ýazdy. Papa ýerli takwalar bilen duşuşygynda öňki Papa Benedikt XVI ýaly wagtyndan öň işden gitmek barada sowala: Bu meniň asla kelläme-de gelenok diýip, jogap berdi.

Pontifik şeýle-de Papanyň tagtyna çykanda, özüniň saglygy ýaramazlaşan halatynda gyssagly işden gitmek barada resminama gol çekendigini hem ýatlady.

Ýene degişli makalalar

Germaniýada Rim Papasyndan Miras Galan Haç Ogurlandy
Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä ynsanperwer kömekler gelmäge dowam edýär
Hataý
Rim Papasy Wengriýada Saparda Bolýar
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar