Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar

Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Meşhur türkmen aýdymçysy Nazir Habibow Youtube-da ýurduň at gazanan artisti Kuwwat Çarygulyýew bilen bilelikde ýazan Türkmenistan atly aýdymynyň klibini paýlaşdy. Türkmenistanyň gazananlaryny wasp edýän täze aýdymyň sözleri we sazy şahyr Arslan Kertikowa degişlidir, aranžirleme işlerini bolsa Ataş Jumaýew ýerine ýetirdi.

2. Ýaponiýa saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Tokio häkimliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler we ylym-bilim pudagynda Ýaponiýanyň paýtagtynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

3. 2023-nji ýylyň maý aýy Türkmenistanda medeni çärelere baý bolar. Geljek aýda ýurtda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Soňky jaň dabarasy, Türkmen halysynyň baýramy, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary we başga-da dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

4. Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen duşuşyk guraldy. Ol Gyrgyz Respublikasynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde geçirildi. Çärä gatnaşanlar Gyrgyzystanyň medeni we taryhy künjekleri, syýahatçylyk ugurlary we sebitleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

5. Aşgabatda türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda üçünji Açyk matematika olimpiadasynyň jemi jemlendi. Matematika boýunça bäsleşik Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň çäginde geçirildi. Zehin bäsleşigine 9 ýurtdan 280-den gowrak bäsdeş gatnaşdy. Birinji orny türkmen talyplary eýelediler. Olar jemi 138 medal gazanmagy başardylar. Ikinji orny Russiýa Federasiýasynyň wekilleri eýelediler. Ilkinji üçlügi wengriýaly talyplar tamamladylar.

6. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekip, Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Dünýäde

7. San-Diýegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary adamyň tebigy garramagyna garşy göreşmegiň usulyny gözläp, biologiki sagady täzeden dikeltmegiň usulyny tapdylar. Hamyrmaýa öýjükleri bilen geçirilen synaglaryň dowamynda olaryň ömrüni 82% ýokarlandyrmak başartdy. Genetikleriň pikirine görä, şeýle synag adam öýjüklerinde hem nerw ösüntgileriniň öýjüklerinde we neýronlarda hem geçirilip bilner. Bu asla ölmezligi kepillendirmeýär, ýöne adam ömrüni ep-esli uzaldyp biler.

8. 45-nji Moskwa halkara film festiwaly dabaraly çäre bilen tamamlandy. Iri medeni çärä 64 ýurduň wekilleri gatnaşdylar. Festiwalyň dowam eden hepdesinde 202 film görkezildi. Ýapylyş dabarasynyň dowamynda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Baş baýrak we Altyn Keramatly Georgiý heýkeljigi çilili režissýor Fransisko Paparelýanyň Üç dogan filmine berildi.

Sport habarlary

9. Türkmenistan çempionatynyň 4-nji tapgyrynda Altyn Asyr öz meýdançasynda Merwden ynamly üstün çykdy. Aşgabatly toparyň düzüminde Wahyt Orazsahadow we Myrat Annaýew dubl bilen tapawutlandylar. Merwiň ýeke-täk goluny duşuşygyň başynda Musa Nurnazarow geçirdi.

10. Ahal Türkmenistan çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň oýnunda öz meýdançasynda Köpetdagdan ýeňildi. Aşgabatlylar ýurduň häzirki çempionyny 2:1 hasabynda ýeňdiler. Ahal üçin bu ýaryşdaky üçünji ýeňiliş boldy. Köpetdag 9 utuk bilen futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň sanawynda birinji orna çykdy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt mediasyna seýrek interwýu berdi
Türkmen häkimiýetleri bloggerleri soraga çagyrýar, olardan ýurdy wagyz etmek talap edilýär
PÝGG işgäriniň öz pogonyny özi ýyrtyp, sürüjä töhmet atýan wideosy sosial mediada paýlaşyldy
AMECA roboty 10-dan gowrak duýgyny aňladyp bilýär
Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar
Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar