Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasy boýunça täze ylalaşyklary baglaşdylar

Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasy boýunça täze ylalaşyklary baglaşdylar

Owganystanyň wekiliýeti geçen hepde Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyna degişli möhüm meseleler boýunça ylalaşyklary gazandy. Bu barada “TOLOnews” teleýaýlymy ýekşenbe güni Owganystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berdi.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Şafaý Azamyň aýtmagyna görä, taraplar turbageçirijiniň gurluşygy, Hyradyň gaz bilen üpjün edilmegi, şeýle hem tebigy gazy suwuklandyrylan gaza öwürmek boýunça iş meýilnamalary barada ylalaşdylar.

“Ilki bilen taraplar ýer böleklerini almak we turbageçirijini gurmak boýunça tertipnama düzmegi ylalaşdylar. Ikinjiden bolsa taraplar Hyradyň ýaşaýjylaryny we senagat zolaklaryny gaz bilen üpjün etmek boýunça turbageçirijilerini çekmek barada ylalaşyk gazandylar” diýip, Şafaý Azam aýtdy.

Owganystanyň ykdysadyýet ministriniň metbugat sekretary Abdul Rahman Habibiň bellemegine görä, TOPH taslamasy syýasy gatnaşyklaryň, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösüşine itergi berjek möhüm taslamalaryň biridir.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň wekiliýeti gaz we TOPH geçirijini maslahatlaşmaga Türkmenistana geler
Türkmenistan Owganystan üçin gümrük pajyny 50% azaltdy
Talyplar Farah şäherine hüjüm edenlerinden soň ekspertler TOPH geçirijisiniň howpsuzlygyna şübhe bildirdiler
“Talyban” söweşijileri TOPH gaz geçirijisine hüjüm etdiler
Türkmenistan Pakistany TOPH-y gurup başlamaga çagyrýar
Owgan neşiri Türkmenistanyň owgan harbylaryny ýurda goýberendigini habar berýär