Owgan neşiri Türkmenistanyň owgan harbylaryny ýurda goýberendigini habar berýär

Owganystanyň “TOLO news” habar agentligi ýurduň Goranmak ministrligine salgylanyp, “Talyban” söweşijileri bilen söweş netijesinde 150 owgan harbysynyň Badhyz welaýatynda çar tarapdan gabalandygyny we ýa garşydaşa ýesir düşmäge, ýa-da Türkmenistanyň territoriýasyna gaçmaga mejbur bolandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 58 serhetçi ýesir düşdi we ýene 58 serhetçi Türkmenistana gaçmagy başardy. Harbylar bilen bilelikde türkmen serhedinden aýallar we çagalar hem geçdi.

Ýerli geňeşiň wekili Wali Şah Naýebiň sözlerine görä, harbylar Türkmenistana gaçdylar we ol ýerde iki günläp boldular.

Häzir gaçanlaryň ählisi Hyrat welaýatynyň serhetýaka Turgundy şäheriniň üstünden Owganystana dolanyp geldiler. Ýesir düşenleriň ykbaly barada maglumat ýok.

Belleýäris, “The New York Times” neşiri 17-nji martda, regionyň polisiýasyna salgylanyp, türkmen serhetçileriniň başda 100 owgan esgerini ýurda goýberendigini, emma soň olary talyplara tabşyrandygyny habar berdi.

Şol gün Orsýetiň ТАСС habar gullugy hem, “Reuters” habar agentligine salgylanyp, bu barada habar berdi.

Welaýat geňeşiniň wekili Abdul Aziz Bikiň sözlerine görä, şenbe güni IIM-niň serhet polisiýasynyň tabynlygyndaky 100-e golaý agza öz postlaryny taşlap, Türkmenistana gaçmaga synandy, emma olara ýurda girmäge ýol bermediler.

Abdul Aziz Bik 50-ä golaý owgan serhetçisiniň talyplara ýesir sdüşendigini, galan serhetçileriň welaýatyň iň bir gür ilatly etrabynda Bala Murgapda talyplara garşy söweş hereketlerini dowam etdirendiklerini hem sözüne goşdy.

Türkmen tarapy bolan wakalara hiç bir düşündiriş bermeýär.

Ýene degişli makalalar

Owganystan ýakynda TOPH boýunça 7 sany resminama gol çeker
Owganystan TOPH taslamasy boýunça 7 sany şertnama gol çeker
Owganystanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşugyna başlamagy üçin Türkmenistan karz berer
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler
“Talyban” Owganystana gelýän elektrik geçirijilerini kesdi
Owganystan Türkmenistan bilen araçäkde täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär