Owganystan ýakynda TOPH boýunça 7 sany resminama gol çeker

Owganystan ýakynda TOPH boýunça 7 sany resminama gol çeker

TOLOnews owgan telekompaniýasynyň ýurduň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna salgylanyp habar bermegine görä, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça hyzmatdaş taraplar bilen ýakyn wagtda ýedi sany ylalaşyga gol çekiler.

Telekompaniýa şeýle hem Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň strategik barlaglar boýunça direktory Waliul Şahiniň sözlerini getirýär. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan TOPH taslamasy boýunça Owganystanyň paýyny karzyna töläp berer.

TOLOnews-yň bellemegine görä, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 16 sany resminama bolup, şolardan 9-syna Owganystanyň öňki Hökümeti ýykylýança gol çekildi, galan 7-sine bolsa ýakyn wagtda gol çekiler. Şol bir wagtda Owganystanyň Maliýe ministrliginde bellemeklerine görä, täze maliýe ýylynda TOPH taslamasyna býujet bölünip berler.

TOPH taslamasy we beýleki ösüş taslamalary üçin 1401-nji ýylda (hijri senenamasy boýunça — red.bel.) býujete garalar — diýip, ministrligiň wekili Ahmad Wali Hakmal belledi. Şol bir wagtda käbir ykdysatçylaryň pikirine görä, Owganystan çäklendirmeler we daşary ýurt maliýe goldawynyň çäklendirilmegi zerarly häzir TOPH taslamasyna gatnaşyp bilmez.

TOPH taslamasynyň bahasy 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar.Bu iri sebit taslamasyny gurmak we dolandyrmak jogapkärçiligi TAPI Pipeline Company Limited ady bilen belli bolan gurama degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Owganystan TOPH taslamasy boýunça 7 sany şertnama gol çeker
Owganystanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşugyna başlamagy üçin Türkmenistan karz berer
Türkmen wekiliýeti TOPH taslamasy boýunça Kabula sapar eder
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary
Talyplar TOPH gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meýilnamalary we gazyň bahasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapary barada gürrüň berdiler
Owganystan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady