Owganystan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady

Owganystan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady

Owganystan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady we taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin hiç hili bökdençlik galmady. Bu barada ýekşenbe güni TOLOnews teleýaýlymy Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň orunbasary Zia Rahman Arýubiniň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Habar berlişi ýaly, taslamanyň tehniki barlaglarynyň tamamlanmagy bilen, häzirki wagtda ýurduň günbatar Hyrat welaýatynda ýer serişdelerini saýlap almak boýunça işler dowam edýär.

Şu ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow bilen TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň, Milli goranmak ministrliginiň we Owganystanyň Baş aňtaw müdirliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşykda Owganystandaky TOPH taslamasynyň birinji tapgyry boýunça howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

TOPH gaz geçirijisiniň üsti bilen ululygy boýunça dünýäniň ikinji gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik ugur boýunça 33 milliard kubmetr tebigy gazyň daşalmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Owganystan TOPH taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
Talyplar TOPH gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meýilnamalary we gazyň bahasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapary barada gürrüň berdiler
Owganystan ýakynda TOPH boýunça 7 sany resminama gol çeker
Owganystan TOPH taslamasy boýunça 7 sany şertnama gol çeker
Türkmen wekiliýeti TOPH taslamasy boýunça Kabula sapar eder
DABS kompaniýasy TAP we CASA-1000 taslamalary boýunça işe başlamagy meýilleşdirýär