Türkmen wekiliýeti TOPH taslamasy boýunça Kabula sapar eder

Türkmen wekiliýeti TOPH taslamasy boýunça Kabula sapar eder

Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar ýakyn wagtda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hinditan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Kabula sapar amala aşyrjakdygyny sişenbe güni mälim etdi. Bu barada “TOLOnews” owgan teleýaýlymy habar berdi.

Owgan resmisi Owganystanyň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny beýan etdi.

“Owganystan tarapynda hiç hili päsgelçilik ýok, ýakyn wagtda täzeden başlamak üçin elimizden gelenini ederis. Ozal howpsuzlyk meselesi bardy, ýöne Owganystanda howpsuzlyk doly üpjün edilýär we bu barada TOPH hyzmatdaşlary bilýärler” diýip, Şahabuddin Delewar aýtdy.

TOPH taslamasynyň umumy bahasy 9-10 milliard ABŞ dollary aralygynda çaklanylyp, bu uly sebitleýin taslamanyň gurluşygy we dolandyrylyşy “TAPI Pipeline Company Ltd.” kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

TOPH gaz geçirijisiniň owgan bölegi ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitinden gözbaş alar we Hyrat şäheriniň üsti bilen Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Kandagar şäherine çenli uzar.

Ýene degişli makalalar

Owganystan ýakynda TOPH boýunça 7 sany resminama gol çeker
Owganystan TOPH taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
Owganystan TOPH taslamasy boýunça 7 sany şertnama gol çeker
Owganystan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
Hytaýyň nebit-gaz kompaniýasy demirgazyk Owganystanda nebit çykarmak boýunça şertnama baglaşdy
Owganystan Amyderýanyň kenarynda nebit çykaryp başlady