Owganystanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşugyna başlamagy üçin Türkmenistan karz berer

Owganystanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşugyna başlamagy üçin Türkmenistan karz berer

Owganystanyň DIM-niň strategiýa barlaglarynyň başlygy Waliullah Şahiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak üçin Owganystana karz söz berdi.Bu barada TOLO news täzelikler gullugy maglumat ýaýratdy.

“Biz Türkmenistan bilen wznos töleg üçin karz boýunça ylalaşdyk. Owganystan öz karzyny geljekde gaz akdyrylyp başlanda gazanjak girdejilerden tölär” diýip Şahin goşýar.

TOPH gaz geçirijisiniň jemi bahasynyň 7 miliýarddan 10 milýard dollara deň boljakdygy aýdylýar.

Şonuň ýalyda, owgan daşary işler ministrliginiň wekilleri tizlikde TOPH barada galan ýedi ylalaşyga hem gol goýlar.

Bellenmegine göra, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin jemi on alty sany ylalaşyga gol goýmaly. Onuň 9-syna talyplar häkimiýet başyna gelmänkä, ýurdy dolandyran öňki hökümet bilen bilen çekilipdi.

Ýakynda belli bolmagyna görä, TOPH-i goramak üçin Owganystanyň IIM-gi 30 müň sany esgerden ybarat harby bölümi döreder.

“TH-niň” owal beren magluamtlaryna görä, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamany durmuşa geçirmek Owganystandaky ýagdaýlar bilen bilen bagly togtadyldy diýip Pakistanyň ykdysadyýet boýunça ministri Omar Aýub Han gürrüň beripdi.

Şol bir wagtyň özünde, geçen ýylyň ahyrlarynda Owganystanyň hökümet agzalary bilen türkmen diplomatlary duşuşyk geçiripdi.

Gepleşikleriň dowamynda ýurdyň magdan we nebit ministri wezipesini ýerine ýetiriji Mohamad Isa TOPH gaz geçirijisiniň, süýümli optiki aragatnaşyk ýollaryny, TOP elektrik geçirijini hem demir ýollaryny çekmek üçin türkmen hökümetini pul bermäge çagyrypdy.The post Owganystanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşugyna başlamagy üçin Türkmenistan karz berer first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Owganystan TOPH taslamasy boýunça 7 sany şertnama gol çeker
Owganystan ýakynda TOPH boýunça 7 sany resminama gol çeker
Talyplar TOPH gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meýilnamalary we gazyň bahasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapary barada gürrüň berdiler
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Eýranda suw joşmasynyň pidalarynyň sany 61 adama ýetdi
Tatarystanda türkmen suratkeşiniň sergisi açyldy