Türkmenistan Owganystan üçin gümrük pajyny 50% azaltdy

Owganystanyň TOLO news agentliginiň ýurduň Söwda palatasyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky söwdany ýeňilleşdirmegi karar edip, import we eksport edilýän harytlaryň gümrük pajyny azaltdy.

Owgan edarasynyň wekili Han Žan Alkozaýiň (Khan Jan Alokozai) sözlerine görä, “Tarifler 50 %, käbir ýagdaýlarda ondan hem kän peseldildi. Mysal üçin, ozal biz wagonlaryň ýüküni 24 sagatda düşürip ýetişmesek, $300 tölemelidik, indi bu jerime aýryldy”.

Söwda palatasynyň maglumatlaryna görä, owgan harytlarynyň goňşy ýurda iberýän harytlarynyň möçberi köp däl. Emma, Türkmenistan Orsýet we Türkiýe bazarlarynyň harytlarynyň tranziti üçin esasy koridor bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Talyplar Farah şäherine hüjüm edenlerinden soň ekspertler TOPH geçirijisiniň howpsuzlygyna şübhe bildirdiler
“Talyban” söweşijileri TOPH gaz geçirijisine hüjüm etdiler
Türkmenistan Pakistany TOPH-y gurup başlamaga çagyrýar
Owgan neşiri Türkmenistanyň owgan harbylaryny ýurda goýberendigini habar berýär
“Talyban” Owganystana gelýän elektrik geçirijilerini kesdi
Türkmen-owgan serhediniň owgan ýakasynda howpsuzlyk ýaramazlaşýar