“Talyban” söweşijileri TOPH gaz geçirijisine hüjüm etdiler

Owganystanyň gündogaryndaky Kandagarda näbelli adamlaryň hüjümi netijesinde azyndan bäş mina gözleýji öldürildi diýip, TOLO news habar berýär.

Mina gözleýjiler TOPH gaz geçirijisiniň geçjek ýerlerini minadan arassalamak bilen meşgullanýardy.

Regionyň polisiýa gullugynyň başlygy Abdul Razik hüjüm edenleriň “Talybanyň” agzalary bolandygyny aýtdy. Emma, “Talyban” toparynyň wekilleri häzirlikçe bu hadysa barada hiç bir beýanat etmediler we hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almadylar.

“Talybanyň” söweşijileri mundan bir hepde owal TOPH-yň geçjek ýeri bolan Farh welaýatyna hüjüm etdiler.

Tebigy serişdelere gözegçilk boýunça halkara toparynyň başlygy bu wakadan soň Owganystanyň hökümetiniň gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün edip biljekdigine şübhe bildirdi. Г

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Owganystan üçin gümrük pajyny 50% azaltdy
Talyplar Farah şäherine hüjüm edenlerinden soň ekspertler TOPH geçirijisiniň howpsuzlygyna şübhe bildirdiler
Türkmenistan Pakistany TOPH-y gurup başlamaga çagyrýar
Owgan neşiri Türkmenistanyň owgan harbylaryny ýurda goýberendigini habar berýär
“Talyban” Owganystana gelýän elektrik geçirijilerini kesdi
Türkmen-owgan serhediniň owgan ýakasynda howpsuzlyk ýaramazlaşýar