7-nji dekabrda Pakistanyň Nebit ministrliginde TOPH geçiriji kompaniýasynyň (TAPI Pipeline Company Ltd) başlygy Muhammetmyrat Amanow bilen Pakistanyň nebit we tebigy serişdeler ministri Gulam Sarwar Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda TOPH taslamasy boýunça bilelikde edilmeli işler we planlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Owganystanyň “TOLO news” neşiriniň ýazmagyna görä, Amanow ministr Sarwar Handan 2019-njy ýylyň martynda gaz geçirijiniň pakistan böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň gurnalmagyny we bir ýylyň dowamynda onuň gurluşygyna başlanmagyny haýyş etdi.
Sarwar Han bu taslamany mümkin boldugyça çalt durmuşa geçirmek zerurlygy bilen ylalaşdy.
“Times of Islamabad” saýtynyň maglumatyna laýyklykda, pakistan ministri gaz geçirijiniň umumy bahasynyň $8,5 milliard diýlip kesgitlenendigini, onuň 5 prosentiniň Pakistanyň paýyna düşýändigini yglan etdi.
Neşiriň çap eden suratyndan çen tutulsa, TOPH-yň başlygy Sarwar Hana prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny sowgat berdi.
timesofislamabad.com-yň suraty
Ýatladýarys, Amanow noýabryň ortasynda gaz geçirijiniň bahasynyň 10 milliard dollardan 7 milliard dollara çenli aşak düşürilendigini aýtdy.Bir hepde soň Türkmenistan TOPH-yň öz territoriýasyndan çekilmeli bölegi üçin 40 million dollarlyk turba satyn aldy, ýogsam bolmanda ozal geçirijiniň Türkmenistanyň territoriýasyndan geçmeli böleginiň gurlup gutarylandygy habar berlipdi.
