Owganystan oktýabrda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlar

Owganystan oktýabrda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlar

Owganystanyň ikinji wise-premýeri Molla Abdyl Gani Baradaryň aýtmagyna görä, Owganystanda häzir TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan mümkinçilikler döredildi. Bu barada ol TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşygynda beýan etdi diýip, Orient ýazýar.

Dag magdan senagaty we nebit ministrliginde beýan etmeklerine görä, TOPH taslamasynyň gurluşygy 2022-nji ýylyň oktýabrynda başlanar.

Owganystanyň DIM-niň habar bermegine görä, tehniki topar indiki aý TOPH taslamasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana barar. Şeýle hem türkmen gazyny senagat bilen ilatyň arasynda paýlamak, ondan elektrik energiýasyny öndürmek meseleleri maslahatlaşylar.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy möhüm taslamalaryň biri bolup, ol gyzyklanma bildirýän döwletleriň arasynda howpsuzlyk ulgamynda syýasy özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer, şeýle hem sebit ykdysadyýetini ösdürer diýip, ykdysadyýet ministrligiň wekili Abdyl Rahman Habib belledi. Öz gezeginde, Owganystanyň Senagat we şahtalar palatasynyň (ACIM) bellemegine görä, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystana öz üpjünçiligini gazanmaga mümkinçilik berer.

Munuň özi gaza bagly bolan senagat pudaklaryna ýardam eder, bizde şeýle hem owgan ykdysadyýeti üçin gaza bolan zerurlyk bar - diýip, ACIM-iň başlygynyň orunbasary Sahi Ahmad Paýman aýtdy. Ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metre eýe bolan gaz geçirijisiniň gurluşygy 2015-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde başlandy.

Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin bähbitlidir.Ol Aşgabada gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, Kabula ýiti sosial meselelerini çözmäge serişde bermäge, Yslamabada we Delä energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini peseltmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

'Açyk pikir alyşmalar syýasy doňakçylygy eredip, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine ýardam berer'
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Pekine bardy, Türkmenistanda 2023-nji ýyl üçin aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljek dalaşgärleriň sany tassyklandy, Turkish Airlines Aşgabatdaky ofisini üýtgetdi we beýleki habarlar
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy