Germaniýanyň günortasyny güýçli çabga basdy

Germaniýanyň günortasyny güýçli çabga basdy

Germaniýanyň günortasynda güýçli çabga ýagýar, ýaramaz howa sebäpli otlularyň we şäher ulaglarynyň hereketi bozuldy. Esasan hem, Nýurnberg şäheri ejir çekdi diýip, Habar 24 ýazýar.

Ýerli polisiýanyň maglumatlaryna görä, şähere uly maddy zyýan ýetdi. Agaçlar ýykyldy, ýerzeminler, köçeler we ýerasty ötükler suwdan doldy. Birnäçe awtoulaglar ýerasty ötüklerde galdy.

Mundan öň güýçli çabga ýurduň Frankfurt şäherini hem basdy. Şäheriň howa menzilinde 90 gatnaw ýatyryldy, 20 uçar gonmak üçin beýleki howa menzillerine ugradyldy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi, Türkmen howa ýollarynyň uçarlary gyşda haýsy 7 ýurda uçar we beýleki habarlar
Tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!
Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Tebigaty goraýjylar Darwiniň yzy boýunça syýahata ugradylar
Mahabat Hyzmaty: özboluşly ýadygärlik sowgatlyklary hem-de mahabat önümlerini döredýän dizaýn we poligrafiýa studiýasy
Gülme goňşyňa…