Tebigaty goraýjylar Darwiniň yzy boýunça syýahata ugradylar

Tebigaty goraýjylar Darwiniň yzy boýunça syýahata ugradylar

Tebigaty goraýjylaryň topary tebigatçy alym Çarlz Darwiniň yzlary boýunça dünýäniň daşyndan syýahata ýola düşdi diýip, Habar 24 ýazýar.

Taslamanyň çäklerinde ekologlar yklymlaryň 4-si boýunça iki ýyllyk syýahat ederler we deňiz portlarynyň 32-sinde labyr taşlarlar. Olaryň arasynda britan naturalistiniň baran portlary hem bar. Ýüzüş abatlanan golland gämisinde amala aşyrylar.

Guramaçylaryň gürrüň bermegine görä, olar umman plastigini we merjen gaýalaryny öwrenmekçi, şeýle-de deňiz guşlarydyr läheňleri we delfinleri synlamakçy bolýarlar.

Darwin 200 diýlip at berlen taslama 10 ýyl töweregi wagtlap taýýarlyk görüldi.

Stýuart Makfersin, taslamany dörediji we ýolbaşçysy şeýle gürrüň berýär: - Biz howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmakda kömek etmekçi bolýarys. Agaç oturtmak, merjen gaýalaryň ýagdaýyny öwrenmek, ummanyň biodürlüligini seljermek maksadymyz bar. Biziň maksadymyz diňe olary öwrenmek däl-de, bar bolan meseleleriň çözgütlerini tapmakdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan halkara forumlarda energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
Çarlz III şu gün Londonda Patyşa diýlip resmi yglan ediler
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi
UFC 12-nji noýabrda Porýe — Çendler tutluşygynyň boljakdygyny tassyklady
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar
Angliýada täze şaýy pullar peýda boldy