Global syýahat 4 göterim ösdi

Global syýahat 4 göterim ösdi

2025-nji ýylda bütin dünýäde başga ýurtlara syýahat edenleriň sany 4 göterim artyp, 1,52 milliarda ýetipdir.Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 60 million köp.Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň taýýarlan Dünýä syýahatçylyk barometri atly maglumatnamada howa gatnawlarynyň artmagynyň we wiza düzgünleriniň ýeňilleşdirilmeginiň syýahatçylygyň ösüşine täsir edendigi bellenilýär.

Geçen ýyl diňe syýahatçylaryň sany däl, eýsem, olaryň sarp eden pul möçberi hem artypdyr.Deslapky maglumatlara görä, global syýahatçylygyň girdejisi 1,9 trillion amerikan dollaryna ýetipdir.Bu görkeziji ozalky ýyldakydan 5 göterim ýokarydyr. Ýewropa 793 million halkara syýahatçyny kabul edipdir.

Afrika ýurtlaryna 81 million myhman baryp, pudak 8 göterim ösüpdir. Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky ösüş geçen ýyl 3 göterim artan bolsa, 2029-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende, 39 göterim ösüş hasaba alnypdyr.

Aziýa-Ýuwaş umman sebitine 331 million myhman baryp, 6 göterim ösüş gazanylypdyr.

Läle Geldiýewa,

Sarahs etrabyndaky 9-njy çagalar bakja-bagynyň usulyýetçisi.

Ýene degişli makalalar

DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy
Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogy tamamlandy
RŽD Türkmenistanda wekilhana açmagy meýilleşdirýär, Belawiýa tomusky uçuş tertibi boýunça Türkmenbaşa uçup başlady, Türkmenistanda kuwwatlygy sekuntda 68 kub metr bolan suw sazlaýjy-böwetleýji desga guruldy we beýleki habarlar
Polisiýa gaýnadylan mekgejöweniň köçe söwdasyny nyşana alýar
Saparmyrat Atabaýew Duşenbe şäherinde geçirilen sebitleýin küşt ýaryşynda ilkinji üçlüge girdi