Göbeklidepe Italiýada Tanyşdyrylýar

Taryhyň başlangyjy hökmünde bilinýän Şanlyurfada ýerleşýän Göbeklidepe Italiýada tanyşdyrylýar.

Italiýanyň paýtagty Rimiň dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan simwoly bolan Kolezýumda “Göbeklidepe: Keramatly ýeriň syry” atly sergi açyldy.

Göbeklidepe 12 müň ýyllyk geçmişi bilen dünýäniň iň gadymy ybadathanasy hökmünde kabul edilýär.

Göbeklidepe, BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýar.

Serginiň açylyş dabarasynda myhmanlara Türkiýäniň we Italiýanyň biri-birinden tagamly lezzetleri hödür edildi.

Sergi 2025-nji ýylyň 2-nji martyna çenli açyk bolar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gowy şäherleri
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy
Pompeide müsür wazasy tapyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy
Dünýäniň 7 täsinliginiň biri
Pompeiniň göçme sergisi geçirilýär