Gökdepe etrabyndaky Gazbeton kärhanasynda 105,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi

Gökdepe etrabyndaky Gazbeton kärhanasynda 105,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki Gazbeton kärhanasynda şu ýylyň geçen alty aýynda 9 million 450 müň manatdan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 105,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Kärhanada, esasan, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşygy üçin ýokary hilli gazbeton önümleriniň köp görnüşi çykarylýar. Kämil tehnologiýalar esasynda öndürilýän gazbeton önümleri, ondan ýasalýan dürli möçberdäki diwarlyk bloklar, ýylylyk saklaýjy önümler uly islege eýedir.

Habarda bellenilişi ýaly, şeýle önümler Türkmenistanyň dürli künjeklerinde giň gerim alan gurluşyklarda barha köp mukdarda peýdalanylýar.

Ýene degişli makalalar

Gazbeton önümçilik zawody Türkmenistanyň gurluşyk desgalaryny zerur önümler bilen üpjün edýär
Gökdepedäki Gazbeton kärhanada 14 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi
31.07.2017 | “Gurluşyk senagatynyň kuwwaty türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň aýdyň görkezijisidir”
Hususy kärhananyň gazbeton bloklary eksporta ugradylýar
09.04.2019 | Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi artýar
Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi artýar