Gökdepedäki Gazbeton kärhanada 14 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

Gökdepedäki Gazbeton kärhanada 14 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki Gazbeton kärhanasynda 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 14 million 227 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,59 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri kärhanada öndürilen, bäsdeşlige ukyply önümler, şol sanda jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşygyna niýetlenilen ýokary hilli gazbeton önümleri sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.

Gazbetondan ýasalýan dürli görnüşli diwarlyk bloklara, ýylylyk saklaýjy önümlere isleg has-da ýokarlanýar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Gökdepe etrabyndaky Gazbeton kärhanasynda 105,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi
Gazbeton önümçilik zawody Türkmenistanyň gurluşyk desgalaryny zerur önümler bilen üpjün edýär
31.07.2017 | “Gurluşyk senagatynyň kuwwaty türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň aýdyň görkezijisidir”
Hususy kärhananyň gazbeton bloklary eksporta ugradylýar
09.04.2019 | Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi artýar
Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi artýar