GÖR NÄHILI HEZILLIK BAHAR GELSE ILIME, SURATYNY ÇEKEÝIN, GALAM ALYP ELIME

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Arkaç söwda dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” teleýaýlymynyň Bagtyýar çagalyk gepleşiginiň ýazgy etmeginde Gör nähili hezillik bahar gelse ilime, suratyny çekeýin, galam alyp elime atly çäre geçirdi. Ýaş nesiller bahar paslynyň ajaýyplyklaryny, tebigatymyzyň gözelliklerini öz çeken suratlarynda ussatlyk bilen beýan etdiler.

Kitaphana hünärmenleri Milli Bahar baýramy Halkara Nowruz güni barada Nowruznama atly kitapdan okap beren maglumatlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler.Nowruz türkmen halk döredijiliginiň dürdäneleri bolan atalar sözlerinde-de, nakyllarynda-da, yrymlarynda-da, türkmeniň däp-dessurlarynda-da öz beýanyny tapýar.

Nowruz bilen baglanyşykly döredilen aýtgylaryň, rowaýatlaryň ähmiýeti dogrusynda hem gürrüňler berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy baky baharyň mekanyna öwürip, ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolup ýetişmeklerinde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

15.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Nowruz baýramyndaky köpçülik çärleri prezidentiň kitaby esasynda gurnalar
21.03.2019 | Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
Türkmenistanda Nowruz dabaralary prezidentiň bäş kitaby esasynda gurnaldy
11.07.2019 | Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry
Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry