Türkmenistanda Nowruz dabaralary prezidentiň bäş kitaby esasynda gurnaldy

21-nji martda Türkmenistanda ýurdy bag-bossançylyga öwürmäge bagyşlanan ýowarlar we dabalaray prezidentiň kitaplarynyň äheňinde taýýarlanan Nowruz baýramçylygy bolup geçdi.

Ahal welaýatyndaky Ak öýde, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek programmasyna badalga berildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany dabaranyň boljak ýerine dikuçarly geldi we soňra awtoulagda Nowruz ýaýlasynyň ýörite niýetlenen meýdançasyna bardy.

Bu ýere Mejlisiň başlygy, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ÝOJ-laryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we ilçihanalaryň ýolbaşçylary Berdimuhamedowa “netijeli işlemek üçin döredilen amatly şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan çärelere gatnaşmagyň özleri üçin uly hormat-sarpadygyny nygtadylar”.

Gurbanguly Berdimuhamedow bag nahallaryny oturtmak üçin niýetlenen ýörite meýdança baryp, köpçülikleýin bag ekmek çäresine badalga berdi. Soňra ýowara ýygnananlaryň ählisi bag ekmäge goşuldy. Neşiriň maglumatyna görä, türkmen artistleriniň çykyşlary ýowaryň bezegi boldy. Şol aralykda prezident wakanyň bolýan ýerinden yzyna dolandy.

1 of 9

TDH-nyň ýazmagyna görä, “myhmanlaryň öňünde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleri, şeýle hem Nowruznama kitaby esasynda taýýarlanan özüne çekiji, täsirli sahna eserleri ýaýbaňlandyryldy.

Hususan-da Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly ikinji kitabynyň Ak bugdaýyň Watany bölümi esasynda taýýarlanan sahna eseri ekerançylyk bilen baglanyşykly çykyşlaryň dowamyna öwrüldi.

Bu görnüşler prezidentiň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi kitabynyň Gadymy Merw hakyndaky bölümleri esasynda taýýarlandy.

Soňra ýaýlanyň merkezi ýodasynyň iki tarapynda maldarçylyk däplerine bagyşlanan görnüşler bar. Şeýle hem Paýhas çeşmesi kitabyndaky nakyllaryň beýany bu ýerde guralan çykyşlaryň özenini düzdi.

“Döwlet baştutanyň Türkmen medeniýeti atly kitabynyň bölümleri türkmen milli aşhanasyna bagyşlanan çykyşlaryň esasyny düzdi” diýip, TDH habar berýär.

Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary Nowruzyň milli oýunlary atly çykyşy görkezdi. Bu şowhunly sahna hem Berdimuhamedowyň Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz atly kitabynyň beýany boldy.

Çykyşlary Nowruzyň aşhanasy atly bölüm jemledi, onda Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen Bereketli türkmen saçagy atly kitapdan aýry-aýry bölümler sahnalaşdyryldy.

1 of 5

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Nowruz baýramy giňden bellenilýär
15.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Nowruz baýramyndaky köpçülik çärleri prezidentiň kitaby esasynda gurnalar
21.03.2019 | Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni giňden belleniler
Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry