Görelde gören sahna ussady

Ir döwürler öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylyp, köp ýyllaryň dowamynda teatryň repertuaryndan düşmän gelen Ýediň enesi atly sahna oýnunda ýedi doganyň körpesi Ýediniň, şeýle-de Nejep oglan dessany esasynda sahnalaşdyrylyp, ençeme ýylyň dowamynda halk köpçüligine görkezilen sahna oýnunda Nejebiň kakalygy Elwent bagşynyň keşbini ussatlarça janlandyryp, teatr muşdaklarymyzyň aňynda zehinli artist hökmünde galmagy başaran Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Gylyjow bilen söhbetdeş bolup, ony okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

Begmyrat aga, söhbedimizi sungat älemine gelşiňizden başlaýalyň?Men 1955-nji ýylda Balkan welaýatynyň öňki Gyzylarbat, häzirki Serdar şäherinde dünýä indim.Orta bilimi şäherimizdäki 26-njy orta mekdepde aldym.

Men çagalykdan kakamdan dutarda saz çalmagy hem halk aýdymlaryny aýtmagy öwrendim.Men mekdepde edebiýat, taryh sapaklaryna ýykgyn edýärdim. Çeper eserleri, romanlary, powestdir hekaýalary okamagy oňat görýärdim. 1966-njy ýylda, men entek oglanjykkam oba klubumyzda Türkmenfilm-iň filmleri görkezilerdi. Şol filmlere menem tomaşa ederdim.

Meniň esasy ünsümi çeken meşhur Aýgytly ädim filmi bolupdy. Şol filme her gezek tomaşa edenimde meniňem artist bolasym gelip, kinoda keşp janlandyrmak höwesi döräpdi.1974-nji ýylda gazetde Aşgabada Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatr institutyndan türkmen oglan-gyzlaryndan artist bolmaga höwesekleri okuwa almaga gelýändikleri baradaky bildirişi okadym. Şeýdip men bu institutyň aktýorlary taýýarlaýan bölümine konkurs esasynda okuwa kabul edildim.

Meniň dutarda saz çalyp bilmegim, halk aýdymlaryny labyzly aýtmagy başarýanlygym synagdan geçmäge kömek berdi. Şeýle-de, meniň sungat älemine aralaşmagyma kakamyň täsiri uly boldy.

Begmyrat aga, söhbedimiziň şu ýerinde talyplyk ýyllaryňyzam ýatlaýsaňyz?Institutda meniň bilen bir toparda Annamuhammet Gurbanow, Çary Berdiýew, Akja Suhanowa, Maral Durdyýewa ýaly soň hormatly atlara mynasyp bolan artistler hem tälim aldylar.

Biziň toparymyza ussat mugallymlar S.P.Ostatskiý, D.S.Pawlow, şeýle-de professor J.Lazerew dagylar aktýor ussatlygyndan tälim berdiler.Maňa institutda Otello tragediýasynda Rodigronyň dostunyň, W.Şukşiniň Edenli adamlar eserinde boksýor Kurnosyň, A.Koronyň Çuňňur barlag eserinde Moryýewiň keşbini janlandyrmak ynanyldy.

Ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaş artist hökmünde teatryň sahnasynda janlandyran keşpleriňizi hem ýatlaýsaňyz?Men 1979-njy ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlap, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatryna işe berkidildim.

Ol teatryň sahnasynda ilkinji gezek maňa M.Gurbangylyjowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan Kim sen atly sahna oýnunda Serdaryň keşbini janlandyrmak miýesser etdi. Şol teatrda işlän döwrüm maňa Seýdi spektaklynda Seýdiniň, Japbaklarda Japbagyň, Jadygöý Jenanda Anaryň, Şäher tomsunda Namygyň, Ýigit başy gowgaly spektaklynda Kertigiň, Görogly spektaklynda Öweziň, A.Agabaýewiň 18-dir ýaşlarynda Şanepesiň keşplerini janlandyrmak ynanyldy.Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow talypkam janlandyran keşplerime tomaşa edenden soň meni Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna işe almaly diýen netijä gelipdir. 1985-nji ýylda mende paýtagtyň şol wagtky baýry teatrynda işlemek höwesi döräpdi.

Işläp ýören teatrymyň şol wagtky ýolbaşçysy Abdylla Ýakubow muňa düýbünden garşy boldy, emma bu teatrda işlemek höwesim üstün çykdy.Teatryň şol wagtky ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Sona Myradowa bolsa meni güler ýüz bilen işe kabul etdi.Maňa baş teatryň sahnasynda ilkinji gezek Harmandäli sahna oýnunda aşyk Keremiň keşbini janlandyrmak, şondan soň Sallahlarda Bammakgaň, Ýediň enesinde Ýediniň, Japbaklarda Japbagyň, Hüýrlukga-Hemrada Hemranyň, Çynar monifestinde Bärilomidzäniň, Galada Garlynyň, Hindi rowaýatynda Müntezýetdiniň, Nejep oglanda Elwent bagşynyň keşplerini janlandyryp, teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolmak nesip etdi.Men 1996-2005-nji ýyllar aralygynda esasy işimiň daşyndan Serpaý toparynda hem bagşy bolup işledim.

Aýdym-saza bolan höwesim meni 2007-nji ýylda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatryna alyp geldi.Bu teatryň sahnasynda maňa Harmandäli spektaklynda Aşyk Aýdyň piriň, Arşyn malalanda Süleýmanyň, Ykbal öwrümlerinde Maksadyň, Söýgi rowaýatynda baş weziriň, Etme oglan sen oýunda Şally aganyň, Söýgi bizi halas ederde Aşyrbaý balykçynyň, Leýli we Mejnunda Beni emiriň, Toýumyza gel toýumyzada Baýja ammarçynyň keşplerini döretmek nesip etdi.

Men şu ýerde halypalarym, türkmen sahnasynyň ägirtleri Sona, Suraý Myradowalara, Ata Alowowa, Muhammet Çerkezowa, Abdylla Ýakubowa, Baba Annanowa, Aman Gurbandurdyýewe, Fahriýa Alyýewa, Sabyr Ataýewa, Oguldurdy Mämmetgulyýewa, Annamyrat Myradowa, Nurmuhammet Keşşikowa, Durdy Oraýewe minnetdarlygymy bildiresim gelýär.

Begmyrat aga, siziň ir döwürler dutarda ýerine ýetiren halk aýdymlaryňyzy muşdaklaryňyz häli-häzirlerem ýadyndan çykaranoklar.Hawa, men diňe bir sahna artisti bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dutar çalmagy hem-de halk aýdymlaryny aýtmagy hem gowy görýän. Üç gözel, Suwa geledir, Al Senem, Gelin ýaly ýerine ýetiren halk aýdymlarym diňleýjiler tarapyndan oňat garşy alyndy.

Begmyrat aga, siz halypa artist hökmünde häzirki ýaş artistlere nähili maslahatlary berýäňiz?Ýaş artistlere köpräk çeper eserleri okamagy maslahat berýän.Sahnada keşp janlandyrmak ynanylanda şol keşbi özüňde özleşdirmegi başarmaly.

Döredýän keşbiň bilen seniň häsiýetiň aýan bolmasa ol ynandyryjy bolmaýar.Sen şol keşbi içki dünýäňe ornaşdyrmaly, şoňa ynanmaly, şonda tomaşaça-da täsiri ýetýär.Sungaty öwreniji beýik şahsyýetleriň aýdyşy ýaly, özüňi teatrda söýmeli däl-de teatry özüňde söýmeli, artist haýsy kärdäki, häsiýetdäki keşbi janlandyrsa-da, şol döredýän keşbiniň gahrymanynyň üsti bilen şol aktýoryň öz gylyk-häsiýeti açylmalydyr. Ýaş artistler bilmeýän zatlaryny halypa artistlerden öwrenmeli. Çünki sungaty ömürboýy öwrenip gezmeli bolýar.

Onuň aňyrsyna çykma ýok.

Begmyrat Gylyjow barada onuň halypasy, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow şeýle diýipdir: Begmyradyň döredijiligi, tebigy zehini joşgunly zähmet bilen utgaşýar.Ol entek talyp döwürlerinde meniň ünsümi özüne çekdi.

Onuň tolgundyryjy, labyzly sesi gulagymdan gitmedi.Begmyradyň sahnada döreden keşpleri, kämil ýetişen artistiň süňňünden çykan keşpler.Ony şol döreden keşpleri arkaly tomaşaçylar köpçüligi, teatr muşdaklary hem derrew ýadynda saklaýarlar hem-de ony ýürekden söýýärler.

Bir gezek halypa artistimiz Ata Durdyýew sahnany görkezip Ynha meniň öýüm diýeni meniň ýadymda.Beýle diýmäge elbetde, hukuk gazanmak zerur.Begmyrat Gylyjowda şeýle hukuk hem, başarnyk hem bar.Halypa artist Begmyrat Gylyjowyň türkmen teatr sungatyny ösdürmek üçin çeken döredijilikli zähmeti göz öňünde tutulyp oňa 1996-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy. Şonuň ýaly-da ol Watana bolan söýgüsi üçin diýen medalyň hem eýesidir.Begmyrat Gylyjow maşgalasy Ogulkeýik gelneje bilen iki gyzy, bir ogly terbiýeläp ýetişdirip, durmuş ýoluna ataryp, ata bolup ýör.

Ol söhbedini jemlemek bilen, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň zähmetine uly baha berýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.Bize bolsa halypa artist, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Gylyjowa döredijilik äleminde mundan beýläk hem rowaçlyklary arzuw edäýmek galýar.

Söhbetdeş bolanAkmyrat Hojaberdiýew, Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
18.04.2018 | Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri atly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylara
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi
Arkadag toparynyň baş tälimçisi Türkmenistanyň kubogynda Altyn asyr bilen bolan duşuşyk barada pikirlerini beýan etdi
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi