Türkmenistanyň kubogy ― 2023: Arkadag ýarym finalda Altyn asyry uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň kubogy ― 2023: Arkadag ýarym finalda Altyn asyry uly hasap bilen ýeňdi

Altyn asyr futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda Arkadag toparyndan asgyn geldi. Aşgabat şäherindäki Sport toplumy stadionynda geçirilen duşuşyk Arkadagyň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32-nji ýylynda döredilen topar şol ýylyň özünde ýurduň Garaşsyzlyk gününde hem uly hasapda ýeňiş gazandy.

Duşuşykda Didar Durdyýew iki pökgi geçirdi. Beýleki gollary bolsa Abdy Bäşimow bilen Begmyrat Baýow öz adyna ýazdyrdy. Altyn asyryň düzüminden Söhbet Durdyýew tapawutlandy. Iki toparyň arasyndaky jogap duşuşygy 20-nji oktýabrda geçiriler.

Arkadag toparynyň çärýek finalda Köpetdagy 5:1 we 4:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. Altyn asyr bolsa 0:1 we 2:0-luk hasaplar bilen Nebitçiden üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TFÇ ― 2024: Arkadag topary 14-nji ýeňşini gazandy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda