Görmek mümkinçiligi bolmadyk adamlara ýazgyny sesli görnüşe öwürýän programma işe girizildi

Aşgabatda görüş taýdan kemis doglan adamlara ekrandaky türkmen dilinde ýazylan hat ýazgysyny sesli görnüşe öwürýän sintezleýji täze programmany işe girizmek dabarasy geçirildi.

BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda geçirilen dabara 20-nji noýabrda bellenilýän Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guraldy. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan döredilen bu başlangyç, görüş ukyby bolmadyk çagalara we ululara bilim almak we täze zatlary öwrenmek mümkinçiliklerini giňelder.

“Dünýä” atly bu programmany ýükläp almak we gurnamak tölegsiz bolup, ol “Windows” we “Android” amaly ulgamlarynda işleýär. Onda JAWS we NVDA ýaly okamak üçin goşmaça hyzmatlar hem elýeterlidir. “Android” ulgamy üçin programma üpjünçiligini “Play Market” platformasyndan ýükläp alyp bolýar.

Bu programma üpjünçiligi Türkmenistanyň raýatlary üçin häzirki zaman zerurlyklaryny, deňhukukly we hemmeler üçin elýeterli, ähli mümkinçilikleri öz içine alýan bilim ulgamyny kemala getirmegiň çäginde döredildi.

Ýene degişli makalalar

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
Döwrebap ýelkenli gämi ýola düşdi
Namibiýanyň täze Prezidenti Nangolo Mbumba kasam kabul etdi
Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
Döwlet hyzmatlar portalynda şahsy otaglardan peýdalanýanlar 50 müňe golaýlady