Görünmeýän tarapyny golaýladyp surata aldy

“Orion” kosmos gämisi Aýyň 130 kilometr üstünden uçup geçdi. Enjama oturdylan kameralar Aý kraterleriniň jikme-jik görnüşde seljermäge mümkinçilik berýän suratyny aldy. Bu barada “New Scientist” neşiri habar berýär.

“Orion”-yň optiki nawigasion kamerasynyň kömegi bilen Aýyň Ýerden görünmeýän aňry tarapynyň hem gara-ak reňkli täze suraty alyndy.

“Orion” ABŞ-nyň we Ýewropanyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan köp maksatly ulag kosmiki gämisidir. 16-njy noýabrda ol “Space Launch System” (SLS) raketasyna berkidilip Aýa tarap ugur aldy.

Ýene degişli makalalar

54 ýyldan soňra Aýa syýahat
Sowet lunohody Aýdaky syýahaty
Aýyň ýüzüne gonmak üçin taýýarlyk
Ýarym asyrdan soňra Aýa syýahat göz öňünde tutulýar
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI SLOWENIÝANYŇ DIM-NIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Germaniýa Ukraina Iris-T SLM kysymly howa goranyş ulgamlaryny berdi
NATO-nyň Baş sekretary Russsiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi