Görüş mümkinçiligi çäkli adamlaryň arasynda küşt boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi

Görüş mümkinçiligi çäkli adamlaryň arasynda küşt boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi

Türkmenistanyň Körler küşt federasiýasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň, şeýle hem Aşgabadyň maýyplar sport klubynyň goldaw bermeginde görüş mümkinçilikleri çäkli maýyplaryň arasynda küşt boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionatyny geçirdi. Ýaryşyň netijelerine görä, erkekleriň arasynda Türkmenistanyň sport ussady Aýdogdy Atabaýew birinji, Çary Bäşimow ikinji hem-de Oraz Bäşimow üçünji orna mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda bolsa küşt boýunça Türkmenistanyň sport ussady derejesine dalaşgär Gurbangül Esenowa birinji orny eýeledi. Ikinji ýer Arazgül Ballyýewa, üçünji ýer bolsa Gözel Lollykowa nesip etdi.

Ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşikde Arslan Meredow uly artykmaçlyk bilen ýeňiji boldy. Bu ugurda Nurberdi Aşyrow ikinji, Rahym Annameňliýew bolsa üçünji orny eýeledi.

Erkekleriň arasyndaky bäsleşikde Gadyrgeldi Muhammedow güýçli dörtlüge girmegi başardy. Şeýlelikde, erkekleriň arasyndaky ýaryşda ilkinji dört orny alan küştçüler Türkmenistanyň çempionatynda Aşgabat şäherine wekilçilik ederler.

Bu ýaryş şu ýyl Türkmenistanyň Körler küşt federasiýasy tarapyndan geçirilen ilkinji ýaryş boldy. Federasiýa ýakyn wagtda Türkmenistanyň çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçirildi