Göwün päkligiň Gurban baýramy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy mynasybetli “Göwün päkligiň Gurban baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi.Gurban baýramynyň her bir ynsan üçin hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýandygy barada söhbetdeşlikde gürrüň etdiler. Şeýle hem türkmen halk döredijiliginde Gurban baýramynyň adamlara paýlaýan ruhubelentligi barada ýazylan eserler hakynda ylmy maglumatlaryň üsti bilen gyzykly taryhy wakalary gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Kitaphana- paýhaslar öýi
“Soňky jaň” dabarasy
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
Türki dünýäsiniň medeniýeti we sungaty atly halkara maslahaty