“Soňky jaň” dabarasy

Şu gün Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi.Bu nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Uçurymlar üçin mekdep bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly we şatlykly wakalara utgaşmak bilen birlikde, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny, beýik ynamdan ruhlanyp, täze açyşlara giň ýol açylýandygyny alamatlandyrylýar.Okuw ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurlarda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Arkadag şäheriniň uçurymlary kitaphananyň muzeýine, kitap sergilerine aýlanyp gezelenç etdiler.Gezelenjiň ahyrynda ýaş uçurymlar, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Orta mekdeplerde Soňky jaň dabaralary
25.05.2018 | Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Berdimuhamedow ykdysady üstünlikler hakynda gürrüň berip, senagata we ykdysadyýete jogap berýän ministrlere käýinç yglan etdi
25.05.2019 | Soňky jaň baýramçylygy mynasybetli dabaralar
Soňky jaň baýramçylygy mynasybetli dabaralar
Margarita Moskowskaýany hatyralap : Zemin içre zähmetiňi Watana bagş etmekden belent mertebe ýok...