Soňky jaň baýramçylygy mynasybetli dabaralar

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy.Türkmenistanyň ähli künjeklerinde täze belent maksatlara ýetmäge ruhlanan oglanlaryň we gyzlaryň müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi.

Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilimleri aldylar.Uçurymlaryň hatarynda sport bäsleşiklerinde we dürli dersler boýunça geçirilen olimpiadalarda ýeňiji bolanlar, döredijilik bäsleşiklerine, çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine gatnaşyp, öz mekdepleriniň abraýyny goran okuwçylar bar.

Olaryň öňünde giň ýollar açyldy, ilkinji nobatda bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini dowam etdirmäge ägirt uly mümkinçilikler döredi.Watanymyzyň ösmegine goşant goşmaga ukyply ýaş nesiller, olaryň saglygy, terbiýesi, bilimi hem-de aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde döwlet ösüşiniň depgini döwrebap täzeçil tehnologiýalara kämil derejede erk edip bilýän hünärmenleriň taýýarlygyny talap edýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar, dürli ugurlar boýunça okuw mekdepleri açylýar, talyplary we mugallymlary alyşmak boýunça daşary ýurt okuw mekdepleri bilen ylalaşyklar baglaşylýar, ýaşlaryň ukyplaryny hem-de başarnyklaryny, batyrgaý meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Häzir ýurdumyzyň bilim ulgamy batly depginler bilen ösýär.Her ýylda ýurdumyzyň şäherlerinde we çetdäki künjeklerinde täze multimedia enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleri ulanylmaga berilýär.Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy üçin mekdepleriň okuw tertipnamalaryna binýatlyk dersler bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa hem-de innowasion tehnologiýalar, daşary ýurt (Gündogar we Ýewropa) dilleri ýaly dersler girizildi.

Olar esasy dersler bilen bir hatarda, ýaşlara täze bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik döreder.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim syýasatyna laýyklykda, zehinli ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler oňyn netijelerini berýär.

Milli we halkara olimpiadalara gatnaşyp, baýrak alýanlaryň sany barha artýar.Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär.Türkmen ýaşlary sportda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanýarlar.Soňky jaňyň kakylan gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň Zehinli çagalar üçin mekdep-internatynda ýurdumyzyň orta umumybilim berýän okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Mekdep okuwçylary dürli ugurlar, şol sanda şygryýet we labyzly goşgy okamak, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, el işleri, taryhy ýadygärlikleriň görnüşini dikeltmek boýunça öz zehinlerini görkezdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bilim ulgamyndaky özgertmeler diňe okuwçylary gurşap almaýar.

Mugallymlar, olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, işlerini kämilleşdirmek hakyndaky alada milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.Her ýylda bilim edaralaryna täze bilim neşirleri, okuw we usulyýet gollanmalary iberilýär. Şolary taýýarlamaga mekdep mugallymlary, Bilim ministrliginiň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Ylymlar akademiýasynyň işgärleri gatnaşýar. Ýurdumyzda mugallymlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmegi, hünäriniň abraýynyň belende galmagy, öňdebaryjy mugallymlaryň we terbiýeçileriň tejribeleriniň wagyz edilmegi üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldaw bermeginde Bilim ministrligi tarapyndan Ýylyň mugallymy, Ýylyň terbiýeçisi döwlet bäsleşikleri guralýar.

Dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen hyzmatdaşlyk has-da giňeldi.Türkmenistanda maslahatlaryň, sergileriň, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi, oňa köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky jaň diňe bir uçurymlaryň baýramçylygy bolman, olaryň ene-atalary we mugallymlary — geljekki meşhur alymlaryň, akyldarlaryň, şahyrlaryň, lukmanlaryň, inženerleriň, gurluşykçylaryň, ösen tehnologiýalary döredýänleriň we beýlekileriň kemala gelmegini üpjün eden ähli adamlaryň durmuşynda möhüm wakadyr.

Bu täze tolgundyryjy tapgyr bolup, hemme zat şu pursatdan başlanýar. Özbaşdak durmuşyň öňüsyrasynda mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň arzuwlary öz ýurduna peýdaly nesiller bolmak, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşmak hem-de kuwwatyny we şöhratyny artdyrmak maksatlary bilen baglanyşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow orta mekdepleriň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda şeýle belleýär: Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar esasy daýanjymyzdyr.

Biziň beýik geljegimiz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz, ähli üstünliklerimiz watansöýüjiligi, dostlugy we agzybirligi ýörelge edinen ýaşlarymyzyň — siziň edep-terbiýäňizde, giň aň-düşünjäňizde, ylym-bilimiňizde, döredijilikli zähmetiňizde, eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza bolan hakyky söýgiňizde hem-de milli buýsanjyňyzda jemlenendir diýip, milli Liderimiz Gutlagynda sözüni dowam etdi.

Her güni beýik maksat üçin — Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bilen geçirmek uly mertebedir. Şoňa görä-de, kuwwatly Watanymyz üçin bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama kämillige ymtylmak, täze durmuşa gadam basýan mähirli, göwnaçyk we maksada okgunly ýaşlarymyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr.

Siz ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny mynasyp dowam etdirmelisiňiz diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri özbaşdak durmuşa gadam goýýan ýaşlara berlen ak patadyr.

Däp bolşy ýaly, Soňky jaň mynasybetli geçirilýän dabaralar ýurdumyzda giňden we uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi bilen gabat gelýär. Şadyýan mekdep okuwçylary, ajaýyp gül çemenleri, paýtagtymyzyň meýdançalarynda we seýilgählerinde ýaýbaňlandyrylýan aýdym-sazly çykyşlar özboluşly we nurana ýaşlyk baýramçylygyny emele getirýär.

Ir bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary, bilim ulgamynyň işgärleri ýurdumyzyň täze taryhynyň baş nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül desselerini goýdular.Mekdeplerde Türkmenistan — rowaçlygyň Watany şygary astynda şu okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Bu dabaraly günde şu ýylyň şygaryna ýüzlenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki ösüp gelýän nesiller ýurdumyzyň geljekki üstünliklerini üpjün edijiler bolup durýar. Ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň bilim almagy hem-de olary terbiýelemek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy, ýaşlaryň aň-bilim hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda uçurymlar üçin paýtagtymyzyň ajaýyp ýerlerine gezelençler guraldy.Agşamlyk baýramçylyk paýtagtymyzyň kinokonsert zallarynda, açyk meýdançalarynda we seýilgählerinde dowam etdi.Dabaralar Aşgabat aýdym-saz merkezinde ýaýbaňlandyryldy, şonda ýurdumyzyň ussat aýdymçylary we tans toparlary çykyş etdiler.

Okuwda has tapawutlanan uçurymlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.Onda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, netijeli işlemek we okamak ugrunda zerur şertleri döretmek hakynda edýän aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

Bu unudylmajak günüň ahyrynda sungat ussatlarynyň konserti boldy.Artistler öz aýdymlaryny ajaýyp paýtagtymyza, mekdep ýyllaryna, Watanymyza we halkymyza bolan söýgä bagyşladylar.Arkadagyň ylhamy sen, ak şäherim Aşgabat!

atly edebi-sazly çykyş, Mekdep ýyllarym atly aýdym ýerine ýetirildi.Döredijilik, tans toparlary öz zehinleri bilen tomaşaçylaryň göwün guşuny ganatlandyrdylar.Däp bolşy ýaly, ýaşlaryň joşgun bilen ýerine ýetiren küştdepdi tansy baýramçylygyň öwüşginini artdyrdy.

Ak mermerli mähriban paýtagtymyza bagyşlanan Arkadagyň yhlasy sen, Aşgabat!atly aýdym dabaranyň jemleýji çykyşyna öwrüldi.Soňky jaň baýramçylygy mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi.

Ýene degişli makalalar

25.05.2019 | Soňky jaň baýramçylygy mynasybetli dabaralar
Mekdeplerde “Soňky jaň” baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi