Google ähli gurluşlarda YouTube-yň dizaýnyny we pleýerini üýtgetdi

Google ähli gurluşlarda YouTube-yň dizaýnyny we pleýerini üýtgetdi

Google kompaniýasy ähli gurluşlarda YouTube-yň dizaýnyny we pleýerini üýtgedendigini bildiriş etdi, bu barada Youtube-yň blogynda habar berilýär.

YouTube-daky wideorolikler gaýtadan saradylanda hronometražyň çyzygynda takyk prewýu şöhlelener. Şeýlelikde, ulanyjylara wideoda gerekli pursatlary gözlemek ýeňil düşer.Ulanyjylara, galareýalarda suratlary edişleri ýaly, barmaklary bilen suraty ulaldyp, wideony golaýlatmaga mümkinçilik bererler.

Funksiýa pinch-to-zoom adyny aldy.Ozal agzalan opsiýany Google YouTube Premium-yň abunaçylarynyň arasynda synag edip gördi. Şeýle-de, YouTube-da "reňkleri dinamiki saýlap almak" diýilýäni peýda bolar.

Bu funksiýanyň üsti bilen goşundynyň interfeýsiniň reňk gammasy wideonyň dominirleýji reňkine uýgunlaşýar.Goşundylardaky garaňky tema we wideohostingiň web-wersiýalary öňküdenem garaňkyrar: eger öň çal öwüşginler ulanylan bolsa, indi olar doly garalar.

Google kompaniýasy eýýäm 24-nji oktýabrdan agzalan ähli täzelikleri ornaşdyryp başlady. Ýuwaş-ýuwaşdan olar ähli ulanyjylara elýeter bolar.

Ýene degişli makalalar

Tennis oýnaýan robot
MHM wirtual şahsy tor göreşini güýçlendirýär, VPN ussalary administratiw temmilere sezewar edilýär
Türkiýede tussag edilen iki türkmen aktiwisti aýrybaşga deportasiýa merkezlerine geçirildi
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)
Gyzynyň şübheli ölümi boýunça adalat gözleýän enäniň media çykyşlary polisiýa işjeňligini artdyrdy
9-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Awazada dynç alýan raýatlar sebitden çykarylyp, emeldarlaryň gelmegine taýýarlyk görülýär