Goragçy Zafar Babajanow Merwiň düzümine goşuldy

Goragçy Zafar Babajanow Merwiň düzümine goşuldy

36 ýaşly goragçy Zafar Babajanow ýedi möwsümden soňra toparyny üýtgedip, Altyn asyrdan Merwiň düzümine goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

1987-nji ýylyň 9-njy fewralynda Daşoguz welaýatynda doglan futbolçy 2016-njy ýyldan bäri Altyn asyrda çykyş edip gelýärdi. Ondan öň ol Türkiýäniň Kartalspor we Türkmenistanyň Ahal futbol toparlarynda çykyş etdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji resmi duşuşygyny 2015-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren Zafar Babajanow ak-ýaşyl köýnekçäni jemi 12 duşuşykda geýdi we olarda bir gezek tapawutlandy.

Zafar Babajanowyň ozalky toparynyň ― Altyn asyryň goragyny Nebitçiden Serdar Annaorazow we Ahaldan Hoşgeldi Hojowow bilen güýçlendirendigini ýatladýarys.

Geçen ýyl Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medal gazanan Merwiň şu ýyl AFK-nyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Merw Altyn asyryň goragçysy Selim Ataýewi düzüme goşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylan futbolçylar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda çykyş etjek düzümi mälim boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
TÝL ― 2023: Altyn asyr Energetikden üstün çykdy