Goragçy Zafar Babajanow ýene-de Altyn asyra dolanyp geldi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Zafar Babajanow çempionatyň birinji aýlawyny Marynyň Merw futbol toparynda geçiripdi. Ol çempionatyň şu möwsüminde bir gezek tapawutlandy. Zafar Babajanowyň ýakynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Altyn asyryň ýaşlar düzümi bilen ozalky toparynyň derwezesinden pökgi geçirendigini hem ýatladýarys.
Mundan başga-da, Altyn asyr topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.
Ýeri gelende bellesek, Aşgabadyň Altyn asyr topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň jemi boýunça geçiren 8 duşuşygynda toplan 17 utugy bilen ýaryş tertibinde 2-nji orny eýeleýär.
